Ï Türkmenistanyň Kanuny <br>Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyny döretmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny <br>Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyny döretmek hakynda

view-icon 12678
1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyny döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 24-nji iýuly.

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň
DÜZGÜNNAMASY

1. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen gymmatly mirasy bolan türkmen atşynaslyk sungatyny gorap saklamak, mundan beýläk-de ösdürmek we geljekki nesillere ýetirmek, ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak, halkymyzyň milli buýsanjy, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasy bolan türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli seýisçilik sungatyny ösdürmek, bedewleriň syna gözelligini kämilleşdirmek, bedewleri seýislemekde ýokary ussatlygy görkezen, seýislän bedewi bilen at çapyşyklarynda we atly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlarda ýokary ussatlygy hem-de hünäre ezberligi görkezip, baýrakly orunlary eýelän, şeýle hem ýaş nesillere seýisçilik sungatynyň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek we halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakylýar.

3. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar.

4. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.

5. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň dakylmagy döwlet häkimiýetiniň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň teklipnamalary esasynda amala aşyrylýar.

Teklipnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilýär.

6. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakylan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň şahadatnamasy we döşe dakylýan nyşany gowşurylýar.

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşanynyň
ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany milli nagyşly altyn çaýylan tegelek görnüşde bolup, onuň umumy diametri — 45 mm.

Döşe dakylýan nyşanyň diametri 21 mm bolan ýerligi altyn çaýylan Gün şöhleleri şekillendirilen merkezi tegeleginiň merkezinde altyn çaýylan, beýikligi 16,5 mm, ini 13,6 mm bolan türkmen bedewiniň şekili ýerleşdirilen. Döşe dakylýan nyşanyň merkezi tegeleginiň daşynda ini 4,6 mm bolan ýaşyl reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň içiniň ýokarky böleginde harplaryň beýikligi 2,4 mm bolan «TÜRKMENISTANYŇ USSAT HALYPA SEÝSI» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde bolsa deň aralykda ak reňkli sirkoniý daşlarynyň bäşisi ýerleşdirilen.

Döşe dakylýan nyşanyň ini 5 mm bolan daşky tegelekde her biriniň içinde bir sany ak reňkli sirkoniý daşy ýerleşdirilen on alty sany nal şekillendirilen.

Döşe dakylýan nyşan halkajyklar arkaly beýikligi 16,2 mm we ini 30 mm bolan gönüburçly altyn çaýylan kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada türkmen milli gölleri, iki sany zeýtun pudagy, ýarym aý we ýyldyzlaryň bäşisi ýerleşdirilen.

Döşe dakylýan nyşan we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.